Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gaplamalary öndüriji «Rowachlan Galkynysh» önümleriniň görnüşlerini artdyrdy

10:1215.02.2024
0
23200

Türkmenistanda «Rowachpack» haryt nyşany bilen polipropilen gaplarynyň öňdebaryjy öndürijisi «Rowachlan Galkynyş» kompaniýasy önümleriniň görnüşlerini artdyrdy. Indi kärhana şeker üçin suw geçirmeýän içligi bolan 56x96 sm ölçegdäki haltalaryny hödürleýär.

Içlikli çydamly we amatly polipropilen haltalar ürgün önümleri daşamak hem-de saklamak üçin amatly çözgütdir. Polietilenden taýýarlanan içlik çyglylykdan we tozandan 100% goragy üpjün edýär.

Täze önüm, «Rowachlan Galkynysh» kompaniýasynyň ähli önümleri ýaly, diňe başlangyç (gaýtadan işlenilmedik) çig maldan öndürilýär. Ýokary hilli polipropilen «Rowachpack» gaplamasynyň berkligini, durnuklylygyny we germetikligini kepillendirýär.

Adaty görnüşlerden başga-da, «Rowachlan Galkynysh» sargyt esasynda gaplamalary taýýarlamak hyzmatyny hödürleýär. Iň az 200 000 sany halta ýa-da 22 tonna öndürmek teklip edilýär.

Kompaniýanyň wekilleri bilen habarlaşmak üçin şu telefon belgilerine:

(+993 62) 29 29 69
(+993 12) 29 29 69

ýa-da elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilersiňiz: rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň