Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan soňky 11 ýylda ilkinji gezek resmi sapar bilen Müsüre bardy. Bu barada «Al-Kahira al-Ihbariýa» teleýaýlymyna salgylanýan TASS habar berdi.
Ýurduň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Ärdogany Kairiň halkara howa menzilinde garşy aldy.
Iki ýurt 11 ýyllyk arakesmeden soňra, geçen ýylyň 4-nji iýunynda diplomatik gatnaşyklary doly ýoly goýdular, Ankarada we Kairde ilçileri bellediler diýlip, habarda aýdylýar.