Soňky habarlar

Arhiw

Dubaýda 2026-njy ýylda uçýan taksiler işläp başlar

09:0014.02.2024
0
14601
Dubaýda 2026-njy ýylda uçýan taksiler işläp başlar
Surat: ashkelon.ru

Dubaýda ýolagçylary 2026-njy ýylda diňe awtoulaglarda we jemgyýetçilik ulaglarynda däl-de, uçýan taksilerde hem gatnatmak meýilleşdirilýär. Ýolagçylar dört adamlyk çaklanja Joby uçarlarynda gatnadylar, olar tizligini sagatda 320 kilometre çenli artdyryp bilýär diýip, «Ren.tv» habar berýär.

Taksi-uçarlar elektrik togunda işlär, olara her gatnawyň öňüsyrasynda güýç bermek üçin on minut ýeterlik bolar.

Bu barada «Khaleej Times» neşiri bilen söhbetdeşlikde «Joby Aviation» kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Jo Ben Bewirt gürrüň berdi.

Onuň firmasy eýýäm Dubaýyň Ýollar we ulag edarasy bilen 2026-njy ýylda uçýan taksileri ulanyşa goýbermek barada geleşige gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň