Premium interýer çözgütleri ulgamynda öňdebaryjy bolan «Hermitage Home Interiors» «Daikin» ýapon öndürijisiniň kondisioner, howa çalşygy we ýyladyş ulgamlaryny hödürleýär.
«Häzirki wagtda rahatlyk we energiýa netijeliligi kaşaňlyk däl-de, zerurlyk. Şonuň üçin kondisioner ulgamyny saýlamak – öýüňizde amatly mikroklimaty döretmek üçin möhüm ädimdir» diýip, «Hermitage Home Interiors» dükanynyň wekili belledi.
Häzirki wagtda «Daikin» kompaniýasynyň tehnikalary 3500-den gowrak nusgany öz içine alýar:
- hojalyk split we multi-split ulgamlary: diwarda, potolokda, polda ýerleşdirmek üçin;
- ýarym senagat we täjirçilik maksatly nusgalary: kassetaly, kanally, sütünlerde we potolokda ýerleşdirmek üçin;
- senagat maksatly: köp zolakly VRV ulgamlary, çillerler, fankoýllar, üçekde we şkafda ýerleşdirmek üçin.

Türkmenistanda kondisioner ulgamlarynyň iň meşhur görnüşleri:
- hojalyk split we multi-split ulgamlary. Olaryň toplumy bir daşky blokdan ybarat bolup, oňa dürli gurluşly içki modullaryň 2-den 5-e çenlisini birikdirip bolýar. Netijede, müşderi ýer we maliýe serişdelerini tygşytlaýar.

- senagat maksatly köp zolakly VRV ulgamlary. Bellenen temperaturany ýokary takyklykda saklamak ukyby bilen, bu enjamlar ýaşaýyş toplumlary, gipermarketler, lukmançylyk merkezleri we hatda senagat desgalary ýaly uly giňişliklere netijeli hyzmat edýärler.

«Daikin» kompaniýasynyň kondisioner ulgamlarynyň artykmaçlyklary şulary öz içine alýar:
- netijelilik we sessizlik: wentilýatorlaryň özboluşly gurluşy we howa paýlaýjy gapaklaryň oýlanyşykly şekili rahatlygy hem-de sessizligi üpjün edýär.
- tygşytlylyk: energiýa sarp edilişini azaltmak üçin ýokary kuwwatlylyk funksiýasy, hereket datçikleri we beýleki tehnologiýalar.

- «akylly öý» bilen sazlaşyk: kondisioneri smartfon arkaly dolandyrmak, iş tertibi, dürli režimler üçin datçikler.
«Hermitage Home Interiors» dükanynda «Daikin» tarapyndan ulanylýan ýokary tehnologiýaly çözgütleriň ony Ýaponiýada we dünýäde howa gözegçilik ulgamlaryny öndürmekde öňdebaryjy kompaniýa edýändigini nygtaýarlar. Enjamlar ýokary hilli materiallardan taýýarlanýar we önümçiligiň ähli tapgyrlarynda berk hil gözegçiliginden geçýär. Bu bolsa ulgamlaryň islendik şertlerde hem köp ýyllap ygtybarly işlemegini üpjün edýär.

«Hermitage Home Interiors» hususy zerurlyklara we giňişlikleriň aýratynlyklaryna laýyk gelýän dürli nusgalary hödürleýär. Kompaniýanyň hünärmenleri enjamlary saýlamak babatda maslahatlary bererler, müşderiniň talaplaryny üns bilen öwrenerler we iň amatly çözgüdi hödürlärler.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- salgysy: G.Kuliýew köç., 39, «USSAT» söwda merkezi, 1-nji gat;
- telefon: (+993 12) 75 28 75;
- elektron poçta: info@hermitage.tm;
- sosial ulgamdaky sahypasy;
- resmi saýty: hermitage.tm.
