Türkmenistanda 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap:
— bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat möçberde;
— nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat möçberde;
— ýüpek pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 6 müň 700 manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 6 müň 400 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 6 müň 100 manat möçberde bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi.
Bellenilişi ýaly, resminama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurtda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen kabul edildi.