Çiliniň Walparasio sebitinde bolan güýçli tokaý ýangynlarynda pida bolanlaryň sany 112 adama ýetdi diýip, bu ýurduň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary Manuel Monsalýe T13 teleýaýlymynda habar berdi. Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.
Çiliniň Prezidenti Gabriel Boriç düýn ýangynlar sebäpli ýurtda 5-nji fewraldan başlanýan iki günlük matam yglan etdi. Döwlet baştutany ýagdaýy soňky 14 ýyldaky iň elhenç heläkçilik hökmünde häsiýetlendirdi.
Sebitde adatdan daşary ýagdaý dowam edýär. Resmi habarlara görä, ýangyn 40 müň gektar meýdany eýeleýär.
