«Turkmenportal» web-saýtynyň «Bilesiň gelýärmi?» atly gepleşiginiň nobatdaky sanynda «Gremmi» baýragy barada gürrüň berilýär. Gepleşigiň nobatdaky bölümi habarlar portalynyň «Mediýa» bölüminde ýerleşdirildi.
Bu baýrak haçan döredildi? Haçan gowşurylyp başlandy? Näme üçin onuň ady «Gremmi»? Şu we şuňa meňzeş birnäçe sowallaryň hemmesiniň jogaby gepleşigiň täze sanynda berilýär.
Tomaşaçylar gepleşigiň nobatdaky sanynyň üsti bilen «Gremmi» baýragy barada başga-da birnäçe täsin wakalardan, maglumatlardan habarly bolup bilerler. «Bilesiň gelýärmi?» atly gepleşigiň nobatdaky sanyny şu salgyda görüp bilersiňiz.