Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Karl III täçden wagtyndan öň ýüz öwürmek pikiriniň bardygy belli boldy

12:0002.02.2024
0
22918
Karl III täçden wagtyndan öň ýüz öwürmek pikiriniň bardygy belli boldy
Surat: woman.ru

Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III wagtyndan öň täçden ýüz öwrüp biler diýip, «New York Post» neşirine salgylanýan «Moskwa 24» habar berdi.

Neşiriň köşge ýakyn adamlaryň biriniň sözlerine salgylanyp ýazmagyna görä, 75 ýaşly Patyşa bu maksatnamasyny öňdäki on ýylyň içinde amala aşyrmakçy, ol tagty şazada Uilýama geçirmekçi.

Çeşmäniň sözlerine görä, Karlyň özi göwün islän işi bilen meşgullanar.

Öň Karl III saglyk ýagdaýy sebäpli köpçülik borçlaryny bes edendigi habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň