Soňky habarlar

Arhiw

Eýran 28 ýurt bilen wizasyz režimi girizýär

10:3101.02.2024
0
28210

Eýran 28 ýurduň raýatlary üçin, şol sanda Belarus, Katar, Gyrgyzystan, Meksika, BAE, Saud Arabystany, Serbiýa, Özbegistan hem-de Ýaponiýa ýaly döwletler bilen birtaraplaýyn tertipde wiza režimini aradan aýyrdy. Bu çözgüt 2024-nji ýylyň 4-nji fewralyndan güýje girýär diýip, IRNA habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berýär.

Bu babatda Hindistanyň raýatlary üçin bolsa wiza diňe ýurduň çägine howa gatnawy arkaly girilen ýagdaýynda gerek bolýar.

Russiýa bilen Eýranyň arasynda wizasyz toparlaýyn syýahatçylyk alyş-çalyşyny amala aşyrmagyň 2023-nji ýylyň 1-nji awgustynda ýola goýlandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň