Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

23:2731.01.2024
0
21987
Aşgabatda Ýaponiýanyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

31-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa, Kawkaz we GUAM boýunça ýörite wekili Ikegami Masaki bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy berýän habaryna görä, duşuşygyň dowamynda däbe öwrülen uzak möhletli dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ösmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Duşuşykda taraplar 2024-nji ýylda Astanada meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa we Ýaponiýanyň birinji ýokary derejeli Sammitini geçirmek bilen bagly taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de 2024-nji ýylda Ýaponiýanyň başlangyjy bilen döredilen, «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogyna 20 ýyllygynyň dolýandygy bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň