Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon ýurduň wise-premýerini, medeniýet ministrini we beýleki birnäçe hökümet ýolbaşçylaryny çalyşdy. Bu barada degişli kararlar döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy tarapyndan çap edildi diýip, TASS habar berdi.
Matlubahon Sattoriýon Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary wezipesinden boşadylyp, ýurduň medeniýet minstri wezipesine bellendi, ol başga işe geçmegi sebäpli bu wezipeden boşadylan Zulfiýa Dawlatzodany çalyşdy. Ýurduň täze wise-premýeri wezipesine Parlamentiň aşaky palatasynyň başlygynyň orunbasary Dilrabo Mansuri bellendi.
Rahmon şeýle hem Respublikanyň Maýa goýumlar we döwlet emlägini dolandyrmak boýunça döwlet komitetiniň başlygyny, «Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Ýokary attestasiýa geňeşiniň» başlygyny, Täjigistanyň Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň Prezidentini, ministrlikleriň we edaralaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň orunbasarlaryny, sebitlerdäki birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryny çalyşmak barada kararlara gol çekdi.