Ekoişjeňler Pariždaki Luwr sergi jaýynda saklanýan Leonardo da Winçiniň meşhur «Jokonda» («Mona Liza») portretine çorba dökdüler.
Bu barada «Agence France-Presse» habarlar gullugyna salgylanýan «Trend» habar berdi.
Sungat eserine, bronlanan aýna bilen goralansoň, zeper ýetmedi diýip, habarda aýdylýar.
Işjeňler bu jenaýaty «sagdyn we durnukly iýmitlenmek» çagyryşy bilen baglaýarlar.
Öň, 2022-nji ýylyň maýynda-da Luwrda myhmanlaryň biri «Mona Lizanyň» portretine süýji nan bölegini zyňypdy.