Hawi möwsümiň ahyrynda «Barselonadan» gider

11:3429.01.2024
0
22042

Ispaniýaly tälimçi Hawi Ernandes 2023/2024 futbol möwsüminiň ahyrynda «Barselona» toparyndan gitjekdigini mälim etdi. Bu barada ol metbugat maslahatynyň dowamynda belläp geçdi diýip, TASS agentligi habar berýär.

— Biz topar bilen yza dolanyp bolmajak pellä geldik. Şu gün toparyň ýolbaşçylaryna 30-njy iýunda «Barselonanyň» tälimçiliginden gitjekdigimi habar berdim. Topar üçin täzelik gerek, topara täze güýç gerek – diýip, Hawi beýan edýär.

Tälimçi beýle karara «Barselonanyň» birnäçe şowsuz oýnundan soň geldi. 27-nji ýanwarda topar Ispaniýanyň çempionlyk oýnunda öz meýdançasynda «Willarreal» toparyndan (3:5) ýeňildi. 24-nji ýanwarda katalonlylar Ispaniýanyň kubogynyň çärýek finalynda «Atletik Bilbaodan» asgyn geldiler (2:4). 14-nji ýanwarda hem «Barselona» Ispaniýanyň Super kubogynyň soňky oýnunda Madridiň «Realyndan» ýeňlişe sezewar boldy (1:4).

Barselona häzirki wagtda 21 tapgyrdan soň 44 utuk bilen Ispaniýanyň çempionatynda dördünji orunda barýar. Katalon topary öňdebaryjy «Žironadan» 11 utuk yzda. «Barselona» Çempionlar ligasyndaky oýunlaryny dowam etdirýär. Bu ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda «Barselonanyň» garşydaşy Italiýanyň «Napolisi» bolar.

44 ýaşly Hawi 2021-nji ýylyň noýabr aýynda «Barselonanyň» başyna geçdi. Onuň tälimçiliginde topar Ispaniýanyň çempiony we 2023-nji ýylda ýurduň Super kubogynyň eýesi boldy. Hawi katalon toparynda işlemezinden ozal, 2019 — 2021-nji ýyllarda Kataryň «Al-Sadd» toparyna tälim berdi.

Hawi «Barselonanyň» futbol akademiýasynda ýetişip, 1998-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli bu toparyň esasy düzüminde oýnady. Ol «gök-gyzyllar» bilen 8 gezek Ispaniýanyň çempionlygyny, 3 gezek Ispaniýanyň kubogyny hem-de 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Hawi «Barselonanyň» köýnekçesinde 767 gezek meýdana çykyp, 85 gol geçirdi we 185 ýardam pasyny berdi. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2010-njy ýylda dünýäniň çempiony, iki gezek Ýewropanyň çempiony we 2000-nji ýylda Sidneýde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň