Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat» gipermarketi mobil goşundysyny ulanyşa girizdi

13:5526.01.2024
0
42542

Häzirki döwürde adamlar üçin iň gymmatly zatlaryň biri bolan wagty her kim başardygyndan tygşytlamaga çalyşýar. Bu edil söwda etmek babatda hem şeýle. Bir tarapdan, ähli zerur bolan zatlaryňy satyn almaga ýetişesiň gelýär, beýleki bir tarapdanam, muňa örän az wagtyňy sarp etmek isleýärsiň.

Türkmen paýtagtynyň uly gipermarketiniň «Aşgabat» mobil goşundysy bu meseläni çözmekde örän oňaýlydyr.

«Aşgabat» — bu dürli ugurlara degişli bolan dürli görnüşli harytlary özünde jemleýän uniwersal platforma. Onlaýn katalogda şular hödürlenen:

- Azyk harytlary;
- gündelik sarp edilýän harytlar (şahsy arassaçylyk önümleri, hojalyk himiýa serişdeleri we ş.m.);
- tehnika we elektronika;
- egin-eşikler we aýakgaplar;
- sport harytlary;
- bezeglik we öý üçin niýetlenen zatlar;
- kosmetika we parfýumeriýa;
- çaga harytlary;
- kanselýariýa harytlary we başgalar.

Bu platformada söwda etmek üçin satyn almak isleýän önümleriňizi saýlap, olary sebede goşmak ýeterlikdir. Soňra bolsa çapardan harytlary alyp biljek wagtyňyzy görkeziň. 500 manatdan ýokary möçberde sargyt eden müşderilere harytlar Aşgabadyň çägine tölegsiz eltilip berilýär.

«Aşgabat» mobil goşundysynyň interfeýsi oňaýly we düşnükli bolup, ony üç dilde ulanyp bolýar (türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde).

Şeýle-de bu goşundynyň kömegi bilen «Aşgabat» restoranyndan taýýar gyzgyn naharlary sargyt edip bilersiňiz.

Goşundy ýükläp almak üçin Google Play we AppStore internet dükanlarynda elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: «Aşgabat» SDAM, 0-njy gat, «В» blogy;
  • telefon belgileri: (+993 65) 31 44 71, (+993 64) 14 62 22.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň