Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Mülkbagşy ýaşaýyş jaý toplumynda welaýat Polisiýa müdirliginiň işgärlerine niýetlenip gurlan 2 gatly, dört otagly kottej görnüşli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada "Türkmenistan" gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, munuň özi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli hünär baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny Mary «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler. Kottejleriň giň hem ýagty otaglarynda ýaşamak, dynç almak üçin ähli şertler döredildi. Öýlerde döwrebap hojalyk harytlarynyň dürli görnüşleri, aşhana mebelleri bolup, olar Türkmenistanda öndürilen önümlerdir.
Täze jaýlaryň açylyş dabarasynda welaýatyň meşhur aýdymçylary, bagşy-sazandalary, folklor-tans we döredijilik toparlary şowhunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bu ýerde gutlag sözleri bilen çykyş edenler täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser edenlere arzuwlaryny beýan etdiler.
Soňra ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar, täze jaýa göçüp gelenlere bolsa öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar täze öýleriň otaglaryna aýlanyp görüp, olarda döredilen döwrebap mümkinçilikler bilen tanyşdylar.
Şeýle-de okaň: