Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda syýahat etmek üçin iň howpsuz ýurt agzaldy

09:4320.01.2024
1
36372
2024-nji ýylda syýahat etmek üçin iň howpsuz ýurt agzaldy
Surat: gazeta.ru

Hünärmenler 2024-nji ýylda jahankeşdeler üçin iň howpsuz ýurdy agzadylar diýip, «Complex» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. Sanaw düzülende, köp ýagdaýlar: ilatyň gürlüginden başlap, howa şertlerine çenli göz öňünde tutuldy.

«Berkshire Hathaway Travel Protection» kompaniýasy Kanada 2024-nji ýylda syýahat etmegi halaýanlar üçin iň howsuz ýurt diýen netijä geldi. Geçen ýyl bu ýurt sanawda altynjy orundan durýardy, indi ol Şweýsariýadan we Norwegiýadan öňe çykdy, bu ýurtlar öz gezeginden ikinji we dördünji ýerleri eýelediler.

Hünärmenler Kanadany sowuk howasy we az ilat gürlügi, şeýle hem jenaýatçylygyň pes derejesi üçin sanawda ilkinji orna mynasyp gördüler.

Sanawy düzüjiler onuň gutarnykly däldigini belleýärler, sebäbi ol ýa-da beýleki ýurduň orny döwletiň içindäki syýasy ýagdaýa baglydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň