Tejribeli derwezeçi Merdan Saparow 38 ýaşynda futbol ýoluny tamamlap, Marynyň «Merw» toparynda derwezeçileriň tälimçisi bolup işe başlady. Mary futbol mekdebiniň uçurymy karýerasynyň bütin dowamynda dogduk welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň ― «Merwiň» we «Energetigiň» derwezelerini gorady.
Merdan Saparowyň geçen ýyl «Merw» bilen AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn ýaryşyna hem gatnaşandygyny ýatladýarys. Ol futbol oýnan ýyllarynda maryly janköýerleriň söýgüsini gazanmagy başardy. Indi bolsa öz tejribesini toparyň ýaş derwezeçileri bilen paýlaşar.
Şeýle hem resmi däl maglumatlara görä, geçen möwsümde Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol toparynda çykyş eden Baýramgeldi Nurlyýew ýakyn günlerde «Merwiň» düzümine goşulmaly.
Çeşme: Janköýer