Ýaponiýada sosial ulgamlardan peýdalanyjylar duşenbe güni irden asmanda syrly ýanýan şary görendigini ýazýarlar. Onuň wideo we fotoşekilleri ýurduň dürli künjeklerinde, esasan hem, gündogar we demirgazyk-gündogar künjeklerinde surata alyndy. Bu barada «Ren.tv» habar berdi.
Wideoşekillerde äpet otly şar görünýär, ol sekuntda 42,4 kilometr tizlik bilen Sagami aýlagyndan Nagano prefekturasyna tarap uçup geçdi.
Käbir etraplarda adamlar partlama meňzeş gümmürdi eşidendiklerini gürrüň berýärler. Ýaşaýjylaryň käbiri onuň meteorit bolmagy mümkin diýip, çaklaýarlar.