Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow gowaça ekişine taýýarlygyň depginleriniň güýçlendirilmegini tabşyrdy

10:2716.01.2024
0
18912

Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de gowaça ekiljek ýerlerde sürüm, tekizleme, geriş çekmek işleri geçirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny möwsüme taýýarlamak bilen bir hatarda, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin kabul edilip alnan tohumlyk pagtany pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanynyň ilaty gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekilmeli ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlanylýar.

Şeýle-de häkimler ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berjaý etmek arkaly geçirilmegi, gowaça ekiljek ýerleri, şeýle-de sebitleriň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegi, gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine talabalaýyk taýýarlyk görülmegi bilen baglylykda häkimlere anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mary welaýatynyň häkimine gant şugundyrynyň hasylynyň ýygnalyp alynmagyny gözegçilikde saklamak hem tabşyryldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetde möhüm orun eýeleýän oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek arkaly ýurtda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany wise-premýere gowaça ekiljek ýerleriň ekiş möwsümine talabalaýyk taýýarlanmagyny, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginleriniň güýçlendirilmegini, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýetip gelýän ekiş möwsümine ykjam taýýarlyk görmegiň bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly hem-de bökdençsiz geçirmegiň esasy şertleriniň biridigini belledi.

Döwlet Baştutany gowaça ekiljek ýerleriň, ekişde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň, her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlarynyň möwsüme doly taýýar edilmegi babatda tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow, gyş paslynyň dowam edýändigi bilen baglylykda, welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň