Soňky habarlar

Arhiw

SSSR-iň halk artisti Ýuriý Solomin aradan çykdy

09:3112.01.2024
0
17307
SSSR-iň halk artisti Ýuriý Solomin aradan çykdy
Surat: mir24.tv

SSSR-iň halk artisti, Kiçi teatryň çeper ýolbaşçysy Ýuriý Solomin 88 ýaşynda aradan çykdy diýip, TASS habarlar gullugy artistiň ýakynlaryna salgylanyp habar berdi.

Geçen ýylyň güýzünde Solomin huşuny ýitirip, hassahana ýerleşdirildi. Onuň ýeňil görnüşde insult geçirendigi belli boldy.

Ýuriý Solomin 1935-nji ýylda Çitada doguldy, Şepkin adyndaky ýokary teatr içilişşesinde mugallymçylyk etdi, 1988-nji ýylda Kiçi teatryň çeper ýolbaşçylygyna bellendi.

Russiýaly artist filmlerde we seriallarda 60-a golaý keşp döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň