«Rowachlan Galkynysh» HK daşary ýurtly müşderileri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär

10:5809.01.2024
0
25926

«Rowachpack» haryt nyşanly polipropilen gaplaýyş gaplaryny eksporta ugradýan «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen aragatnaşyklaryny giňeltmegi netijeli dowam etdirýär. Häzirki wagtda olaryň hataryna Russiýa Federasiýasyndan we GDA-nyň beýleki ýurtlaryndan eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar we önümçilikler girýär. Ýewropadan we Günorta Amerikadan gelen işewür hyzmatdaşlar bilen hem gepleşikler dowam etdirilýär.

«Rowachpack» haryt nyşanly önümler — bu polipropilen haltalar, bu hili haltalary tikmekde ulanylýan rulon-ýeňlikler, şeýle-de 300 — 3000 kg aralygyndaky ýükleri götermäge ukyply, ýörite ýükleme saplary bolan ýumşak konteýnerler — big-begler.

Ýokary derejedäki berkligi, könelmeýän aýratynlygy, ekologik arassalygy, sarp edijileriň isleglerini ýerine ýetirmek mümkinçiligi, şeýle hem öndürijiniň ygtybarlylygy we jogapkärçiligi bilen tapawutlanýan bu önümleriň ýokary hilli bolmagy «Rowachpack» haryt nyşanynyň polipropilen gaplaryna hemişe ünsi çekýär.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69. Elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň