Soňky habarlar

Arhiw

Meşhur futbolçy Bekkenbauer 78 ýaşynda aradan çykdy

10:5209.01.2024
0
25397

Ady rowaýata öwrülen germaniýaly futbolçy Frans Bekkenbauer 78 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada TASS DPA neşirine salgylanyp habar berýär.

Bekkenbauer futbol taryhynyň iň güýçli goragçylarynyň biri. Ol Germaniýa Federatiw Respublikasynyň milli ýygyndysynyň hem ozalky kapitanydyr. Milli ýygyndy bilen 1974-nji ýylda dünýäniň, 1972-nji ýylda-da Ýewropanyň çempiony bolan Bekkenbauer «Bawariýa» bilen dört gezek Germaniýanyň çempiony we Kubogynyň eýesi boldy. Şeýle hem ol bu toparyň düzüminde üç gezek Ýewropa kuboklarynda baýraga mynasyp boldy.

Bekkenbauer «Altyn pökgi» baýragyna mynasyp bolan ýeke-täk goragçydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň