Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Täze ýyl dabaralary geçirildi

11:0401.01.2024
0
32624

Täze ýyl agşamynda Arkadag şäheriniň meýdançasynda aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ilkinji gezek köpöwüşginli Täze ýyl çykyşlary boldy.

Türkmenistanyň täze şäheri ilkinji gezek ýurduň dürli sebitleriniň ýaşaýjylaryny we Aşgabat şäherini baglanyşdyrýan baýramçylyk teleköprüsine gatnaşdy.

Belläp geçsek, täze şäher 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň we daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda açyldy. Soňky 7 aýyň dowamynda şäherde milli we halkara derejede köp sanly çäreler geçirildi.

2024-nji ýylda Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi hem geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara şäheriň açylyş dabarasynyň bolan güni gol çekipdi.

Şeýle hem «Arkadag şäherinde ilkinji gezek Täze ýyl arçalarynyň yşyklary ýakyldy» atly wideoreportažymyza serediň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň