Soňky habarlar

Arhiw

BMG-de 2024-nji ýylyň baş wezipelerini yglan etdiler

12:0330.12.2023
0
31663
BMG-de 2024-nji ýylyň baş wezipelerini yglan etdiler
Surat: rbc.ru

2024-nji ýyl birek-birege ynamyň we umydyň gaýdyp geljek ýyly bolmalydyr diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş özüniň Täze ýyl ýüzlenmesinde aýtdy. Onuň sözlerine görä, adamzat gapma-garşylyklarydyr agzalalyklary ýeňmek üçin tagallalaryny birleşdirmelidir.

«2023-nji ýyl ägirt uly ejirleriň, zorlugyň hem-de howa bulam-bujarlygynyň ýyly boldy. Biziň planetamyz howp astynda. Uruşlar gitdigiçe köpelýär, özem olar barha ýowuzlaşýar. Netijede, ynam hem tapdan gaçýar.

2024-nji ýyl ynamyň dikeliş we umydyň gaýdyp gelýän ýyly bolmalydyr. Biz umumy haýyrly çözgütleri tapmak üçin jebisleşmelidiris. Şeýle hem, emeli aň kimin täze tehnologiýalaryň adamyň bähbidine gulluk etmegini kepillendirmelidiris» diýip, Guterriş belledi.

Bu barada «News.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň