Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenistan» gazeti ýaşlaryň arasynda yglan eden döredijilik bäsleşigini jemledi

20:0023.12.2023
0
29171
 «Türkmenistan» gazeti ýaşlaryň arasynda yglan eden döredijilik bäsleşigini jemledi
Surat: turkmenistan.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýaş žurnalistleriň arasynda geçirilen «Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşigi «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek, şunda ýaşlary döredijilige höweslendirmek, olaryň zehinini açmak maksady bilen yglan edipdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan 35 ýaşa çenli bolan ýaşlary, ýaş žurnalistler, pudak edaralarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, mekdep okuwçylary bäsleşige işjeň gatnaşdylar. Olaryň bäsleşige hödürlän makalalarydyr oçerkleriniň, söhbetdeşlikleriniň jemi 100-e golaýy hasaba alyndy. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige hödürlenen eserleri içgin seljermek bilen, zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky oçerkleriň, aýratyn ugurlar boýunça taýýarlanylan söhbetdeşlikleriň, makalalaryň täsirliligine, maglumatlara baýlygyna, diliniň çeperçiligine we şireliligine, many-mazmunyna baha berdiler. Hödürlenen işleriň arasyndan iň mynasyplary bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde kesgitlenildi.

Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Paýhas synagy» bölüminiň müdiri Nowruz Güýjow, «Watan» gazetiniň bölüm müdiri Ahmet Geldiýew, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy Seýran Seýitmämmedow, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Ýagty ýol şäherçe kitaphanasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby Allanur Çaryýew, şol ýokary okuw mekdebiniň žurnalistika hünäriniň talyplary Toýly Muhammetdurdyýew we Batyr Kuliýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Merýem Şyhynyýazowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Gurbansähet Gurbansähedow we Aýlar Atajykowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Çary Çaryýew we Süleýman Haýdarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby Döwlet Heşdekow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksatmyrat Çaryýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nury Hudaýgulyýew döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Ýeňijiler bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň