Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMGÖM-iň hemişelik wekili Türkmenistanyň halkyny ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady

10:1423.12.2023
0
19489

BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň sahypalarynda türkmen halkyny we ýurduň Hökümetini ýetip gelýän 2024-nji ýyl bilen gutlady.

Ol öz çykyşynda BMGÖM-iň hemişe Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydygyny we milli ileri tutulýan ugurlary hem-de global kynçylyklary göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygynyň ýylsaýyn giňelýändigini aýtdy.

Saakýan BMGÖM-iň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmekdäki goşandyny nygtady. Hususan-da, şu ýyl bu gurama DÖM boýunça milli maglumatlar binýadyny döretmäge we ýurtda DÖM-iň durmuşa geçirilişiniň gidişi barada ikinji meýletin milli synyny taýýarlamaga kömek etdi.

Şeýle hem BMG üçin hasabat taýýarlamak we Adalatçynyň edarasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlyk dowam edip gelýär.

Saglygy goraýyş pudagynda BMGÖM dürli keselleriň öňüni almak we bejermek üçin ýokary hilli dermanlary satyn almakda, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny güýçlendirmekde ýardam berýär.

«Bu ýyl milli saglygy goraýyş ulgamlarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak we saglyk hyzmatlarynyň elýeterliligini hem-de hilini ýokarlandyrmak boýunça edýän tagallalarymyzyň çäginde umumy bahasy 70 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan birnäçe täze taslama gol çekdik. Türkmenistanyň Hökümeti derman serişdeleriniň üpjünçiligini maliýeleşdirýär we BMGÖM diňe öndürijilerden, tutuş ýurt boýunça ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de gözegçilikde saklamak üçin diňe ýokary hilli dermanlary satyn almakda ýardam berýär. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, biz milli saglygy goraýyş ulgamynyň keselleriň kliniki-laboratoriýa anyklanyşy pudagynda mümkinçilikleriniň artdyrylyşyny, inçekesele garşy göreşmek boýunça milli maksatlara ýetilmegini goldamagy, şeýle hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň global pandemiýa garşy göreşmäge taýýarlygynyň güýçlenmegini üpjün edýäris» diýip, Saakýan belledi.

Hemişelik wekil, mundan başga-da, döwlet dolandyryşynyň sanly özgeriş babatynda hökümetiň hyzmatdaşy hökmünde BMGÖM-iň barha artýan ornuna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda sanly çözgütleriň ençemesi dürli ugurlarda üstünlikli synag edildi.

«Biz soňky birnäçe ýylyň içinde statistika, bank, maliýe, gümrük, raýat bellige alyş we beýleki döwlet hyzmatlary babatynda birnäçe innowasion sanly çözgütleri üstünlikli synagdan geçirdik, bu bize «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen döwlet dolandyryşyny sanly özgertmek pudagynda möhüm strategik taslama gol çekmek üçin esas döretmäge mümkinçilik berdi — diýip, hemişelik wekil belledi.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugry daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş bolup durýar. BMGÖM daşky gurşaw bilen bagly maksatnamalary durmuşa geçirmekde we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda ýurda goldaw bermegini dowam etdirer.

Mundan başga-da, gender deňligini öňe sürmek ileri tutulýan ugur bolup galýar. BMGÖM aýal-gyzlaryň hukuklaryny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekçi.

Sözüniň ahyrynda Saakýan BMGÖM-iň milli ösüş maksatlaryna ýetmekde we hemmeler üçin parahat, adalatly we durnukly geljegi gurmakda Türkmenistanyň hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň