Martin Skorzese Berlin kinofestiwalynyň «Altyn aýy» hormat sylagyna mynasyp boldy

10:3422.12.2023
0
30541
Martin Skorzese Berlin kinofestiwalynyň «Altyn aýy» hormat sylagyna mynasyp boldy
Surat: rbc.ru

Öňdäki ýylda 74-nji gezek geçiriljek Berlin halkara kinofestiwalynyň hormatly «Altyn aýy» baýragynyň eýesi diýlip, režissýor, ssenariçi we prodýuser Martin Skorzese yglan edildi. Bu barada festiwalyň guramaçylyk toparyna salgylanýan «Interfax.ru» ýazýar.

Guramaçylar Skorzesäniň soňky «Gülli Aýyň ganhorlary» filminiň onuň iň şowly kino eserleriniň biridigini belleýärler.

Režissýoryň sylaglanyş dabarasy 2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda bolar.

Martin Skorzese 70-den gowrak filmi surata düşürdi, olaryň arasynda «Taksiçi», «Guduz öküz», «Awiator» we «Irlandiýaly» ýaly meşhur filmler bar.

1951-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Berlin kinofestiwaly dünýäde iň abraýly kinoşüweleňleriň biri hasaplanýar. Onuň baş baýragy «Altyn aýy». Geljek ýyl festiwal 15-25-nji fewral aralygynda geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň