Gresiýa ykdysady çökgünligi ýeňendigi üçin «The Economist» žurnaly tarapyndan ýylyň ýurdy diýlip yglan edildi.
Neşir şeýle hem Polşany we Braziliýany belledi, olaryň birinjisiniň ykdysadyýeti özüni ýitirmedi, neşir bu döwletde täze saýlanan Premýer-ministr Donald Tuskuň hökümetiniň 2024-nji ýylda Polşany ýylyň ýurdy derejesine çykarmaga mümkinçiliginiň bardygyny belledi.
Žurnal Braziliýada Prezident Luis Inasiu Lula da Silwanyň döwlet başyna gelmeginiň ýurduň ykdysadyýetine oňyn täsir edendigini ýazýar.
Gresiýa mundan on ýyl ählumumy maliýe çökgünligi sebäpli, çynlakaý ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ýurda Ýewropa Bileleşiginiň agza ýurtlarynyň özgertmeleri durmuşa geçirmekde maliýe goldawyny bermegi kynçylyklary ýeňip geçmekde ýardam etdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.