Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy

14:0220.12.2023
0
29984

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Brýusselde geçirilen Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi bilelikdäki komitetiniň 22-nji mejlisiniň çäklerinde ýurduň ÝB bilen hyzmatdaşlygyna degişli meseleler boýunça gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň makroykdysady ýagdaýy we onuň dünýä ykdysadyýetiniň integrasiýasyna ymtylmalary, esasan-da, ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmak islegleriniň çäklerinde ýokardaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, tebigy gazyň eksporty, Aşgabadyň atmosfera bölünip çykarylýan metanyň zyňyndylaryny azaltmak baradaky başlangyçlary, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de, ulag-logistika, bilim, ýaşlar syýasaty, innowasiýa we ylmy gözlegler ýaly ugurlarda netijeli pikir alyşmalar guraldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde degişli ministrlikleriň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň we «Türkmenhowaýollary» agentliginiň wekilleri gepleşiklere gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Ýewropanyň Daşarky Hereket Gullugynyň (ÝDHG) Dolandyryjysynyň Orunbasary, halkara hyzmatdaşlygy, söwda, energetika, hereket we ulag, howanyň üýtgemegi, daşky gurşaw, şeýle hem innowasiýa bilen meşgullanýan Ýewropa Komissiýasynyň dürli müdürlikleriniň düzümleri wekilçilik etdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça baş müdirliginiň wekilleri, ÝDHG-niň wekilleri, Bilim we medeniýet boýunça Ýewropanyň ýerine ýetiriji gullugy, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň Energetika boýunça baş müdirligi bilen özara duşuşyklary geçirdi. Olarda gyzyklanma bildirilýän meseleleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň