Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda deňiz ulaglary arkaly konteýner daşamak, takmynan, 4 esse ýokarlandy

11:4320.12.2023
1
28829

2023-nji ýylyň 11 aýynyň dowamynda Türkmenistanyň deňiz söwda floty deňiz ulaglary arkaly daşalýan konteýnerleriň sanyny 3846 TEU-a çenli artdyryp, takmynan, 4 esse ýokarlandyrdy. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 277,3 göterim köpdür.

«Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berlişi ýaly, konteýner daşamalaryndan başga-da, deňiz arkaly ýük daşamagyň mukdarynda ep-esli ösüş gazanyldy. Şeýlelik bilen, şu ýylyň ýanwar—noýabr aýlarynda olaryň mukdary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 21,6 göterim ýokarlandy we 2 million 64 müň tonna ýetdi.

11 aýyň dowamynda deňiz ulaglarynyň ýük dolanyşygy 19,1 göterim ýokarlandy we 867,149 million tonna kilometre deň boldy. Ýolagçy dolanyşygy bolsa 56,4 göterim ýokarlanyp, 8,54 million ýolagçy kilometre barabar boldy. Netijede, bu babatdaky meýilnama 2,5 esse (245,9%) ýerine ýetirildi.

Hasabata laýyklykda, esasy ösüş çig nebit we nebit önümleriniň eksport edilmegi, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portundan geçýän üstaşyr ýükleriň köpelmegi arkaly gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň