Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bossan Concept» dükanlaryndan Täze ýyl arçalaryny arzan bahadan satyn alyň

11:4319.12.2023
0
31159

Şu günler «Bossan Concept» dükanlarynda Täze ýyl arçalarynyň arzan satuwy dowam edýär.

Aksiýa çäresiniň çäklerinde bezeglik çyralar bilen gurnalan arçalaryň bahasy 5 500 manada çenli arzanladyldy. Bu arçalar ozal 13 700 manatdan satylypdy.

Arçalar ýokary hilli hem-de ekologik materiallardan taýýarlanan. Olaryň şahalary gür hem-de maýyşgak bolany üçin, arçanyň daşky keşbi berk we owadan görünýär.

Şeýle-de «Bossan Concept» dükanlarynda arça topjagazlarynyň, haýwanlaryň we ertekileriň gahrymanlarynyň heýkeljikleriniň, öwüşginli çyrajyklaryň hem-de beýleki bezeglikleriň köpdürli görnüşleri hödürlenýär.

«Bossan Concept» dükanlarynyň Täze ýyl üçin niýetlenen harytlary öýde ýa-da ofisde edil ertekilere mahsus ajaýyp gurşawy döretmäge ýardam eder.

«Bossan Concept» dükanlaryna şu salgylar boýunça baryp bilersiňiz:

  • «Dürdäneli» söwda merkezi, Mollanepes köçesi, 27-nji jaý;
  • «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi, Seýitnazar Seýdi köçesi, 55-nji jaý;
  • «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezi, «Şerbet» dükany.

Telefon belgileri: +(993 65) 72 60 60, (+993 12) 41 55 54. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň