Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2023/24: «Altyn asyr» Aziýadaky 44-nji synagyna çykýar

10:5514.12.2023
0
19247

Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary şu gün AFK-nyň ýaryşlarynda 44-nji synagyna çykar. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň topary yklym ýaryşlarynda diňe AFK-nyň kubogyna gatnaşyp gelýär.

Yzda galan 43 duşuşykda Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleriniň 17 ýeňşi, 10 utulyşy bar. Topar 16 duşuşygy deňlikde geçirdi. Şol duşuşyklarda garşydaş derwezelere 66 gol geçiren «Altyn asyr» öz derwezesinde 54 gol gördi.

Topar yklym ýaryşlaryndaky ilkinji duşuşygyny 2015-nji ýylyň 10-njy fewralynda Ýemeniň «Al-Sakr» toparyna garşy geçiripdi. AFK-nyň kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde Aşgabatda bolan şol duşuşykda «Altyn asyr» 0:1 hasabynda asgyn geldi.

Taryhynda iki gezek ― 2018-nji we 2019-njy ýyllarda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli çykyp, ýaryşy pleý-offlarda dowam etdirmäge hukuk gazanan topar 2018-nji ýylda finala çenli baryp ýetipdi.

«Altyn asyr» şu gün Täjigistanda Kulýab şäheriniň «Rawşany» bilen duşuşar. Toparçalaýyn bölegiň 6-njy tapgyrynyň çägindäki bu duşuşyk agşam sagat 19:00-da başlanar. Täjigistanyň «Warziş» teleýaýlymy duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezmegi meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň