Soňky habarlar

Arhiw

Akbar Sedghi: Eýran türkmen bazaryna egin-eşikleri eksport edýär

20:0312.12.2023
0
16514
Akbar Sedghi: Eýran türkmen bazaryna egin-eşikleri eksport edýär
Surat: khaneroshan.ir

Eýranda öndürilen egin-eşik önümleri Türkmenistana hem eksport edilýär. Bu barada Eýranyň Tikinçiler birleşiginiň başlygy Akbar Sedghi bu pudakda alnyp barylýan işler hakynda ýurduň Prezidenti Saýed Ebrahim Raisä beren hasabatynda mälim etdi.

«Mehrnews» eýran habarlar agentliginiň habar bermegine görä, Akbar Sedghi ýurtda öndürilýän egin-eşik önümleriniň hiliniň ýokarlanmagy bilen ugurdaş önümleriň Türkiýeden importynyň azalandygyny belledi hem-de häzirki wagtda Eýranda öndürilýän egin-eşikleriň Türkiýä eksport edilýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Akbar Sedghi Eýranda öndürilen egin-eşikleriň, esasan, Türkmenistana, Russiýa, Türkiýä, Siriýa, Yraga, Özbegistana we Birleşen Arap Emirliklerine eksport edilýändigni nygtady.

Ýeri gelende bellesek mundan ozal häzirki eýran senenama ýylynyň ilkinji ýedi aýynda Eýranyň Türkmenistana 251,134 million dollarlyk nebitden daşary haryt eksport edendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň