Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi

11:1505.12.2023
0
23253
Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi
Surat: tourismsrilanka.org

Kelani uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetinde bilim alýan talyplaryň 180-si Şri-Lankanyň harbylary we polisiýasy tarapyndan halas edildi. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.

Polisiýanyň habaryna görä, talyplar geçen şenbede ir bilen Hantana dagyna ýörişe ugrapdyrlar. Olar yzlaryna gaýdyp gelýärkäler, howa ýaramazlaşyp, duman we ýagyş sebäpli azaşypdyrlar.

Hantana dagy Şri-Lankanyň pyýada jahankeşdeleriň arasynda iň meşhur ýerleriniň biridir. Oňa ýerli uniwersitetleriň talyplary hem köp gezelenç edýärler. Polisiýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, sebitde howanyň çalt üýtgäp durmagy bilen bagly adamlar dagda ýygy-ýygydan azaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň