Malaýziýanyň «Maybank» bankynyň müşderisi Hafija Abdulla öz hasabynda artykmaç 86 million dollaryň bardygyny anyklanda, gözlerine ynanmady diýip, «Bloomberg» neşirine salgylanýan «Kun.uz» saýty ýazýar.
Emma zenanyň şatlygy uzaga çekmedi, ol hasabyndan lomaýja pul çekmekçi bolanda, enjamda «ýalňyşlyk» diýen ýazgy peýda boldy.
Neşiriň habaryna görä, «millioner bolan» zenan öz şatlygyny sosial ulgamda paýlaşan dessine bank ýalňyşlygy düzetdi.