Soňky habarlar

Arhiw

Bagtly bolmagyň ýönekeý usuly salgy berildi

13:0804.12.2023
0
25441
Bagtly bolmagyň ýönekeý usuly salgy berildi
Surat: ru.freepik.com

Türkiýäniň Sabançi uniwersitetiniň kliniki psihologlar topary irden goňşularyňa salam bermegiň we nätanyşlar bilen hoşamaý gürleşmegiň adamlary bagtly edýändigini anykladylar. Alymlaryň ylmy-barlaglarynyň netijeleri «Social Psychological and Personality Science (SPPS)» žurnalynda çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Barlaglara 60 müň adam gatnaşdyryldy. Olar öz bagtlylyk derejesi we adamlar bilen gatnaşyklarda gündelik endikleri barada birnäçe sowalnamalara jogap berdiler. Alnan netijeler nätanyşlar bilen köp söhbetdeş bolýanlaryň öz durmuşyndan has kanagatlanýandygyny subut etdi.

Işiň awtorlarynyň sözlerine görä, az salymlyk salamlaşmak, hoşallyk bildirmek ýaly ýagdaýlar özüňi duýşa oňat täsir edýär. Bu duýgular adamlara özlerini jemgyýetiň doly bahaly agzasy hökmünde aňlamaga mümkinçilik berýär, netijede, adam özüniň durmuşyny manyly hasaplaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň