Hytaýda bir ene öz gyzy üçin sawçy gelmeýändigi sebäpli göwnüçökgünlige uçrady diýip, «Asia One» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Çžao familiýaly 59 ýaşly ene 30 ýaşly gyzynyň henizem ýalňyzdygy üçin özüni günäkärleýär. Ýakynlarynyň gürrüň bermegine görä, ol uzakly gününi aglap geçirýär, hiç kim bilen gepleşmek islemeýär.
Ýakynlary ony hassahana ýerleşdirdiler, onda kliniki göwnüçökgünlik hasaba alyndy. Çžao lukmanlara goňşularynyň gyzy barada ýakymsyz gybatyny eşitmezlik üçin öýden çykmaga gorkýandygyny gürrüň berdi.