Soňky habarlar

Arhiw

E.Aýdogdyýew RF-iň DIM-niň orunbasaryna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

16:4721.11.2023
0
27464

Türkmenistanyň RF-däki täze bellenilen ilçisi Esen Aýdogdyýew şu gün Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasatý edarasynyň Metbugat gullugy habar berdi.

«21-nji noýabrda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Ý.Rudenko Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.M.Aýdogdyýewden ynanç hatynyň nusgasyny kabul etdi» diýlip, habarda bellenilýär.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary, hususan-da, geljekde gol çekilmegi meýilleşdirilýän resminamalar boýunça pikir alşyldy. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda iki tarapyň hem strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygy tassyklanyldy.

Ýeri gelende bellesek, 17-nji noýabrda RF-iň DIM-niň ýolbaşçysy Sergeý Lawrow bu ýurtdaky diplomatik işini tamamlaýan türkmen ilçisi Batyr Nyýazlyýewe türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildiripdi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 10-njy noýabrda gol çeken Permany esasynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew bellenilip, ol Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşadyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň