Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täze Ýyl Harytlary: «Aşgabat» SDAM-da täze ýyl harytlarynyň dükany açyldy

13:1421.11.2023
0
48571

«Aşgabat» medeni-dynç alyş merkezinde çagalar hem-de uly ýaşlylar üçin hakyky erteki öwüşginlerini bagyş etjek täze ýyl harytlarynyň dükany açyldy.

«Täze Ýyl Harytlary» dükanyndan öýde, ofisde, restoranda, dükanda we beýleki köpçülik ýerlerinde ajaýyp Täze ýylyň baýramçylyk ruhuny döretmäge ýardam etjek ähli görnüşli bezegleri satyn alyp bilersiňiz:

- dürli ölçeglerde we reňklerde bolan ýasama täze ýyl arçasy;
- arça şahalaryndan döredilen bezegler (täze ýyl gapy bezegleri, arça gozalary, asma bezegler we ş.m);
- arça oýunjaklary (aýnadan, plastikden, agaçdan we beýlekiler);
- yşyk beriji çyralar;
- şemler, şemdanlar, ýadygärlik bezegler we beýlekiler.

Bu dükanyň täze ýyl harytlaryny gönüden-göni Ýewropadan we Hytaýdan üpjün ediji bolup durýandygyny bellemelidiris. Şonuň üçinem dükandaky harytlaryň bahalary bazar bahalaryndan arzandyr. Dükandan önümleri lomaý we bölekleýin satyn alyp bolýar.

Arça dakylýan oýunjaklar we beýleki Täze ýyl bezegleri — kärdeşler we hyzmatdaşlar üçin hem sowgat, hem-de maşgala agzalaryňyz we dostlaryňyz üçin baýramçylyk bezegi hökmünde ajaýyp zatlardyr.

«Täze Ýyl Harytlary» dükany satyn alnan harytlary Türkmenistanyň ähli ýerlerine eltip bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

«Täze Ýyl Harytlary» dükanynyň ýerleşýän salgysy: «Aşgabat» SDAM, 1-nji gat, В-1.28 blogy. Şeýle-de bu ýerde hödürlenýän harytlar bilen «Altyn Asyr Gündogar bazarynyň» 3-nji A toplumyndaky 300-nji belgili dükandan tanşyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 63) 02 02 40, (+993 62) 85 18 81;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň