Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

10 aýda 32,5 müň türkmenistanly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana bardy

14:3020.11.2023
0
23866
10 aýda 32,5 müň türkmenistanly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana bardy
Surat: sputniknews.ru

2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Özbegistana täjirçilik we söwda maksady bilen baran daşary ýurtlularyň 62,6 göterimi türkmenistanlylar boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň on aýynyň dowamynda 51,9 müň sany daşary ýurtly täjirçilik we söwda maksatlary bilen Özbegistana bardy. Şonuň 32,5 müň sanysy ýa-da 62,6 göterimi Türkmenistanyň raýatlarynyň paýyna düşýär. Şeýlelikde, goňşy ýurda täjirçilik we söwda maksatlary bilen barýan raýatlarynyň sany boýunça Türkmenistan birinji orny eýeledi. Şeýle-de bu sanawda ilkinji bäşlikden Täjigistan (11,9 müň), Owganystan (1,4 müň), Türkiýe (0,9 müň) hem-de Hytaý (0,8 müň) orun alypdyr.

Ýeri gelende bellesek, bilermenler soňky bir ýylyň dowamynda söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana barýan türkmenistanlylaryň sanynyň görnetin artmagynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has işjeňleşmegini sebäp edip görkezýärler. Munuň şeýledigini türkmen-özbek söwda dolanyşygyny ýylsaýyn artýandygy hem tassyklaýar.

Mundan ozal «Turkmenportal» 2023-nji ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 830 million dollardan gowrak bolandygyny habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň