Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Maksat-deri» AGPJ-niň ýokary hilli gön önümlerine barha isleg artýar

12:4009.11.2023
0
28936

Türkmenistanda gön önümlerini çig mal hökmünde müşderilere ýetirýän iri kärhanalaryň biri bolan «Maksat-deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gön önümlerine günsaýyn isleg ýokarlanýar. Muny kärhananyň önümçiliginiň geriminiň giňelýändigi, müşderileriň sanynyň barha artýandygy hem aýdyň görkezýär.

Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän «Maksat-deri» AGPJ-niň önümçilik kärhanasynda iri we ownuk şahly mallaryň derisi gaýtadan işlenilip, olardan ýokary hilli, tebigy, dürli reňkdäki we galyňlykdaky gön önümleri taýýarlanylýar. Kärhananyň önüm görnüşlerine aýakgap üsti we içlik üçin gönler, gaýyş gönler we beýleki gön önümleri degişlidir.

Bu ugurdaky önümçiligi 1997-nji ýylda ýola goýan kärhanada Ýewropanyň öňdebaryjy öndürijileriniň tehnologik enjamlaryndan hem-de döwrebap gön önümçilik usullaryndan peýdalanylýar. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy her aýda 160 tonna derini gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde 110 sany tejribeli işçi-hünärmenler zähmet çekýär.

«Maksat-deri» AGPJ-niň esasy maksady içerki hem-de daşary ýurtly isleg bildirýän taraplary ýokary hilli we ekologik taýdan arassa bolan gön çig maly bilen netijeli üpjün etmekden, şeýle-de bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da ýygjamlaşdyrmakdan ybarat.

Häzirki wagtda «Maksat-deri» kärhanasynda öndürilýän gön önümleri ýurtda aýakgap önümçiliginde ilkinjileriň biri bolan «Röwşen» hususy kärhanasynda aýakgaplaryň önümçiliginde çig mal hökmünde peýdalanylýar. Mundan başga-da, ýurduň çäginde we daşary ýurtlarda bu gön çig malyny satyn almaga isleg ýokary. Gön önümleriniň Türkiýe we Italiýa ýaly ýurtlara eksport edilýändigi, olar tarapyndan berilýän ýokary baha önümleriň hiline kepil geçýär.

«Maksat-deri» AGPJ gön önümlerine isleg bildirýän müşderileri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň