Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Gazagystan serhetýaka söwda merkezini döretmek meselesini öwrener

11:5304.11.2023
0
51759

Ozal habar berşimiz ýaly, Astana bolan iş saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Gazagystanyň Prezidenti iki ýurduň halkara, sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň, köplenç, golaý ýa-da gabat gelýändigini aýratyn bellediler. Bu barada TDH ýazýar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklar türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Haryt dolanyşygyny 1 milliard amerikan dollaryna ýetirmek üçin bu mümkinçilikleri ulanmak zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça teklip eden anyk çäreleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmak, iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek boýunça iş toparynyň işini güýçlendirmek, Türkmen-gazak işewürler geňeşiniň birinji mejlisini geçirmek barada gürrüň edildi.

Şeýle hem iki döwletiň paýtagtlarynda Türkmenistanyň we Gazagystanyň söwda öýlerini açmak mümkinçiligine seretmek, Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň we Gazagystanyň Mangistau oblastynyň serhedinde serhetýaka söwda merkezini döretmek meselesini öwrenmäge girişmek teklip edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň