Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti noýabr aýynda üçünji Hazar ykdysady forumyna gatnaşar

12:1330.10.2023
0
16004

Noýabr aýynyň ikinji ongünlüginde Eýran Yslam Respublikasynda üçünji Hazar ykdysady forumy geçiriler. Oňa Hazarýaka döwletler bilen bir hatarda Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada «IRNA» habarlar agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, üçünji Hazar ykdysady forumynyň gün tertibinden ulag-logistika, nebit-gaz pudagy, maliýe we bank ulgamy, tehniki hyzmatdaşlyk we bilelikdäki önümçilikler ýaly ugurlar bilen bagly meseleler orun alar.

Eýranyň daşary işler ministriniň Hazar deňziniň meseleleri boýunça orunbasary Alireza Jahangiri anyk ugurlarda geljegi uly taslamalary meýilnamalaşdyrmak üçin foruma gatnaşyjy ýurtlaryň degişli institutlaryny we maliýe edaralaryny işjeň teklipler bilen çykyş etmäge çagyrdy diýip, «IRNA-nyň» habarynda bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, birinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň awgustynda Türkmenistanda, has takygy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna geçirilipdi. Ikinji Hazar ykdysady forumy bolsa 2022-nji ýylyň oktýabrynda Moskwa şäherinde guraldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň