Balide adatdan daşary howa şertleri döredi: uzaga çeken guraklyk Indoneziýanyň ähli fermerlerine uly maddy ýitgi getirip biler diýip, «Habar 24» ýazýar. Rekord derejedäki guraklyk netijesinde, ýurtda tüwi hasylynyň ep-esli bölegi elden gider. Soňky ýarym ýylda ýerli daýhanlar ýaramaz howa garşy aýgytly göreşýärler, mysal üçin, olar guraklyga durnukly şaly sortlaryny ekýärler.
Waýan Darmaýasi, daýhan: - Biz şu ýyl guraklykdan uly ýitgi çekdik, ýagdaý has-da ýaramazlaşar öýdüp gorkýarys. Şonuň üçin daýhanlaryň köpüsi şalydan ýüz öwrüp, mekgejöwen ýaly guraklyga çydamly ekinleri ekmäge mejbur bolýarlar.
Bali adasynda iki hepdelik adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Käbir etraplarda suw howdanlarynyň guramagy içimlik suwuň ýetmezçiligine getirdi.
Indoneziýanyň Statistika edarasy bu ýyl şaly hasylynyň 2 göterim azaljakdygyny habar berdi. Ekin meýdanlary hem azalýar. Meteorologlar tokaý ýangynlarynyň ýüz çykmagynyň ýokary töwekgelçiligi barada duýdurýarlar.