«LX International» kompaniýasy 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» (OGT-2023) XXVIII halkara maslahatynyň we sergisiniň bürünç hemaýatkäri hökmünde çykyş eder.
«LX International» köp ýyllardan bäri türkmen bazarynda ulag, gaz senagaty we himiýa önümçiligi ugurlarynda üstünlikli iş alyp barýar. Kompaniýa Türkmenistanyň günbatarynda polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygy, ýol howpsuzlygy ulgamlaryny ornaşdyrmak we maslahat beriş hyzmatlary ýaly iri taslamalara gatnaşdy.
Ýakynda geçiriljek «OGT-2023» forumynda energetika pudagyndaky häzirki meseleleri, hususan-da parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we ýaşyl energiýany ösdürmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Bu çäre «LX International»-yň milli we halkara energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin nobatdaky ädim bolar. Bu maslahata gatnaşmak üçin 46 ýurtdan 700-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.
«OGT-2023» forumy barada giňişleýin maglumaty ogt-turkmenistan.com web sahypasyndan tapyp bilersiňiz.