Soňky habarlar

Arhiw

Ýakut kinosy girdejilerini artdyrdy

11:3821.10.2023
0
38027

Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasynyň (Ýakudystan) kino senagaty üstümizdäki ýylda 80 million rubl girdeji gazandy, bu taryhda iň ýokary görkezjidir diýip, TASS habarlar gullugy ýazýar.

«Ýanwardan bäri Respublikanyň režissýorlarynyň filmlerine kinoteatrlarda 250 müň adam tomaşa etdi» diýip, Ýakudystanyň hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Režissýor Stepan Burnaşewiň «Aýta» filmi kassada 26 million rubl gazandy, ikinji orunda Konstantin Timofeýewiň «Lookuut uonna» melodramasy 20 million rubl kassa ýygymy bilen ýerleşdi.

TASS habarlar gullugy Respublikanyň Moskwadan we Sankt-Peterburgdan soňra filmleriň önümçiligi babatda Russiýada 3-nji orny eýeleýändigini ýazýar.

2026-nji ýylda Respublikada doly önümçilik mümkinçilikli kino surata alynýan pawilon gurmakçy bolýarlar, ol Uzak Gündogarda iň uly kino merkezi bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň