Top.Mail.Ru

Sankt-Peterburgda Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy boldy

16:3920.10.2023
0
37914

Sankt-Peterburgda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berdi.

Duşuşyga şäher häkimliginiň wekilleri, Sankt-Peterburg we Leningrad sebitiniň milli-medeni we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, taryhçylardyr metbugat wekilleri, käbir daşary ýurtlaryň konsullyk bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Duşuşykda çykyş eden türkmen alymlary kitabyň çuň many-mazmunyny barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Şeýle hem çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazananlary barada gürrüň berýän wideo tomaşa etdiler. Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Türkmenistan, türkmen milli halylary we bezeg şaý-sepleri barada gürrüň berýän suratlaryň, kitaplardyr žurnallaryň sergisi guraldy.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda hormatly myhmanlara kitabyň nusgalary gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň