Top.Mail.Ru

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Pekiniň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördi

22:0918.10.2023
0
137351

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda ýanynda bolýan maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa 18-nji oktýabrda bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşdy. Hususan-da, ol günüň birinji ýarymynda Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu muzeý 1990-njy ýylda esaslandyryldy, 2021-nji ýylda bolsa muzeýiň täze binasy guruldy. Onda Hytaýyň gadymy we häzirki zaman senetçiliginiň dürli ugurlary görkezilýär. Hususan-da, bu ýerde çeper külalçylygyň, tikin işleriniň, piliň süňkünden taýýarlanan önümleriň, nefritiň, agaç we daş ýonulyp ýasalan önümleriň, altyn, kümüş, mis bezeg şaýlarynyň, çeper nagyşlar bilen bezelen gaplaryň hem-de artefaktlaryň baý toplumy jemlenendir.

Binanyň eýwanynda Gahryman Arkadagyň maşgalasyny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan mähirli garşylady we olar bu ýerde ýadygärlik surata düşdüler.

Soňra HHR-iň Başlygynyň maşgalasynyň daşary ýurt wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň saparynyň dowamynda ýanlarynda bolýan maşgalalary bilen «Ýüpek ýoluň bagtly owazy» banneriniň öňünde bilelikdäki surata düşmek dabarasy geçirildi.

Soňra hormatly myhmanlar Pen Liýuan bilen “Dört deňziň joşuşy” atly zalda görkezilýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Olaryň hatarynda sujou we ýüpek keşdeçiliginiň nusgalary, el işleriniň önümleri, başga-da maddy däl medeni mirasyň gymmatlyklary bar.

Zalda býenjoň milli saz guralynda ýerine ýetirilýän saz ýaňlandy. Ol agaç çarçuwalara berkidilen dürli ölçegdäki jaňlaryň toplumyny özünde jemleýär. Ýörite çekiç bilen kakylanda, ondan owazly ses çykýar. Kakylyp çalynýan saz gurallarynyň bu gadymy görnüşi häzirki döwre çenli orkestr sazlarynda ulanylýar. Bu jaňlaryň sesi Hytaýyň ilatyna ybadat etmegiň wagty barada habar berip, dini dessurlaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Soňra daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary Hytaýyň “Doň” çagalar etnografik toparynyň ýerine ýetirmeginde “akapella” aýdymyny diňlediler. Bu ýerde çagalar bilen bilelikde ýadygärlik surata düşüldi.

Belent mertebeli myhmanlar Hytaýyň milli teatr lybaslarynyň sergisi bilen hem tanyşdylar. Soňra HHR-iň Başlygynyň maşgalasy Pen Liýuan daşary döwletleriň we wekiliýet Baştutanlarynyň maşgalalaryny bilelikde Pekin operasynyň çykyşyna tomaşa etmäge çagyrdy.

Pekin operasy teatr sungatynyň iň iri görnüşleriniň biri bolup, Hytaýyň milli buýsanjy hasaplanýar. Bu sungat köpöwüşginli lybaslary, grimleri, ýokary drama ýerine ýetirijiligini, aýdym aýtmagy, gepleşikleri, pantomimalary, akrobatik çykyşlary, tanslary özünde jemleýär. Bularyň ählisi dürli keşpleri we olaryň duýgularyny aýdyň şöhlelendirmäge ýardam edýär. Hytaý sungatynyň bu nusgawy görnüşi 2010-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, häzirki wagta çenli diňe bir hytaý däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň hem çeperçilik we beýan edijilik gymmatyny saklap gelýär.

Gyzykly çykyş tamamlanandan soňra, myhmanlar artistler bilen bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň