Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachpack» polipropilen haltalary obasenagat toplumynda uly islegden peýdalanýar

11:5518.10.2023
0
28822

«Rowachlan Galkynysh» eksport ugurly hususy kärhanasy «Rowachpack» haryt nyşany bilen polipropilen gaplama önümlerini öndürýär, bu önümler dürli pudaklarda, şol sanda oba hojalygynda hem uly islegden peýdalanýarlar.

Haltalar we torbalar oba hojalyk önümleri üçin amatly hem-de köpugurly gaplama harytlarydyr. Obasenagat toplumynyň kärhanalary polipropilen haltalary hasyl döwründe, hususan-da däne ekinleriniň hasyly ýygnalanda has işjeň ulanýarlar. Şeýle hem olarda galla önümlerini, dürli tohumlary, gök önümleri we miweleri saklaýarlar, mineral dökünleri satyn alýarlar. Polipropilen matanyň «dem alýandygy» sebäpli, dökünler PP haltalarynda birnäçe ýyllap saklanyp bilner.

«Rowachpack» haltalary diňe bir dürli oba hojalyk önümlerini, iýmleri, dökünleri saklamak, gaplamak we üýşürmek üçin däl, eýsem, olary daşamak üçin hem amatlydyr. Uly göwrümli önümler üçin ýokary berkligi we ýük göterijilik ukyby bilen tapawutlanýan «big-begler» (uly haltalar) niýetlenendir. Olaryň gurluşynda ýüklemekde we daşamakda ulanylýan götermek üçin ýörite berkitmeler (tutawaç ýüp – birden dörde çenli düwüni bolan) göz öňünde tutulandyr.

Oba hojalyk önümlerini öndürýän kompaniýalaryň we daýhanlaryň «Rowachpack» haryt nyşanly haltalary saýlamaklarynyň sebäbi ýokary berkligi, çyglylyga garşy durnuklylygy hem-de beýleki gorag aýratynlyklary bilen düşündirilýär. Şeýle hem olary ak reňkleri sebäpli tapawutlandyrmak aňsatdyr. Ak reňk bu görnüşli gaplaryň azyk önümlerini, mal iýmlerini we dökünleri saklamak üçin niýetlenendigini aňladýar.

Ak gaplama reňki haltalaryň ýüzüne goşmaça maglumatlary (logotipler, atlar we ş.m.) ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy ýakyn wagtda müşderiniň islegine laýyklykda, şeýle hyzmaty hem hödürläp başlar.

Häzirki wagtda kompaniýa önümleriniň eksportynyň möçberleriniň artmagynyň, şeýle hem polipropilen torbalary, tehniki we azyk haltalaryny, «big-begleri» (uly haltalary) öndürmek üçin häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze zawodyň gurulmagynyň hasabyna düzümini giňeldýär.

«Rowachlan Galkynysh» müşderilere harytlarynyň ýokary hilini we wagtynda eltilip berilmegini kepillendirýär.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň wekilleri bilen: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69 telefon belgilerine jaň etmek ýa-da rowachpack@gmail.com elektron poçta salgysyna ýazmak arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň