Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Dünýä kubogy ― 2026-nyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasynda ýygyndydaky ýagdaý barada habar berdi. Baş tälimçiniň aýdanlaryny «Orient» paýlaşdy.
― Häzir futbolçylarymyz fiziki taýdan doly taýýar däl. Şonuň üçin hem türgenleşiklerimizi fiziki taýýarlyga gönükdirdik. Ýöne oýunçylaryň biri-birine ýuwaş-ýuwaşdan düşünişip, biziň isleýän oýnumyzy ýola goýup başlandyklaryny hem aýtmak gerek.
Tälimçi BAE-de geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklarynyň netijesi barada hem pikirlerini paýlaşdy:
― Ýoldaşlyk duşuşyklary biziň türgenleşiklerde gazanyp bilenlerimizi hem, kemçiliklerimizi hem görkezýär. Her bir duşuşykdan soň goýberýän ýalňyşlyklarymyzyň üstünde aýratyn işleýäris. Öňe ilerlemegiň ýeke-täk ýoly hem şu! «Şabab al-Ahli» bilen bolan duşuşyk bize haýsy kemçiliklerimizi düzetmelidigimizi görkezdi.
Ýeri gelende, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 8-nji oktýabrdan bäri Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýändigini ýatladýarys. Mergen Orazowyň şägirtleri bu ýerde iki ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, olarda «Dubaý Ýunaýtedi» 3:1 hasabynda ýeňdi, «Şabab al-Ahliden» bolsa 1:4 hasabynda ýeňildi.
Milli ýygyndy Dubaýdaky ahyrky ýoldaşlyk duşuşygyny 18-nji oktýabr güni «Ajman» topary bilen geçirer we şondan soň Türkmenistana gaýdyp geler.